Gladiator
Gladýator latyn dilinden terjime edende (gladius-gylyç) gylyç göteriji diýen manyny berýär.Olar öz-özleri bilen her hili haýwanlar bilen halky güýmenje üçin ýörite gurylan arenalarda söweşipdirler.Gladýator oýunlary Rim imperýasynyň güýçlenmegi bilen täze-täze ýerleri basyp almagy,gullaryň sanynyň has köpelmegi bilen başlapdyr. Bu uruşlarda ejizler ölüp güýçliler galypdyr bu bolsa arenalara gelen halkyň begenjiniň has artmagyna getiren.Rimde ilkinji gladýator oýny b.e.öň 264-nji öküz bazarynda Brut Periň sadakasynda üç jübüt gladýator söweşipdir bu waka Rimiň ýyl ýazgylaryna giripdirB.e.öň 105 ýylda gladýatorlar oýny ähli Rim imperýasynyň çägine ýaýrapdyr.Sezyryň döwründe b.e.öň 65 ýylda uly glaýator oýny geçirilip oňa 320-i jübüt gladýator gatnaşypdyr. Eger iki gladýator söweşip biri çalajan galsa onuň ykbalyny arena gelen halk çözüpdir.Eger baş barmak ýokary galsa diri aşak egilse ölüm hasaplanypdyr.