Awarlar
Appearance
Awarlar - Dagystanyň, esasan, daglyk böleginde ýaşaýan halk. Awarlaryň jemi 1 milýon adam. Awarlar Azerbaýjanyň (Belokany we Zakataly etraplarynda) hem ýaşaýar. Awarlar özlerini maarulal, ýagny daglylar diýip atlandyrýar. Olar war dilinde gepleýärler. Awarlar musulman dininiň sünni mezhebine uýýarlar. Olaryň esasy käri maldarçylyk, ekerançylyk we bagbançylykdyr. Köp awarlar senagatda işleýär. Olaryň edebiýaty we sungaty pajarlap ösdi. Milli kadrlary ösüp ýetişdi.